2023-nji ýylyň 29-njy martynda päkistan tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Haýber Pahtunhwa welaýatynyň hökümetiniň senagat, söwda, tehniki bilim we girdeji ministri Muhammet Adnan Jalil bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Adnan Jalil Haýber Pahtunhwa welaýatynyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýa ýurtlary, aýratyn-da, Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Päkistandan Türkmenistan serhedine iň gysga ýoluň bu welaýatdan geçýändigini belläp, Türkmenistanyň ilçisini Peşawara baryp görmäge we iki ýurduň arasyndaky söwdany giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen içgin tanyşmaga çagyrdy.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň, esasanam ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdany ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.