2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Yslamabatdaky Ylym we tehnologiýa boýunça milli uniwersitetiniň (NUST) rektory Javed Mahmud Bukhari bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ylym, bilim we ylmy gözlegler ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda türkmen tarapy rektora Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty, şeýle hem Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurulýan Arkadag şäheri barada aýratyn bellemek bilen, bu şäheriň “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýandygy barada maglumat berildi.
Ylym-bilim pudagynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, taraplar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we NUST uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýetini bellediler.