icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

02 maý 2023

1541

Koreýa Respublikasynda Merkezi Aziýanyň kinofestiwaly geçirildi

2023-nji ýylyň 28–29-njy aprelinde Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki kinofestiwaly geçirildi.

Ilkinji gezek şu görnüşde geçirilen kino görkeziş dabarasynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň, Mongoliýanyň we Indoneziýa Respublikasynyň surata düşüren dürli kinofilmleri görkezildi.

Bu çärede türkmen tarapy kinorežissýor S.Baýramowyň surata düşüren “Gyzyl kürte” atly filmini, şeýle hem A.Eýeberdiýewiň režissýorlygynda surata düşürilen “Istärin” atly filmini koreý dilinde tomaşaçylara ýetirdi.

Merkezi Aziýa kinofestiwalynyň çäklerinde sergi hem guraldy. Türkmenistanyň milli pawilýonynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna aýratyn orun berildi. Şonuň ýaly-da döwletimiziň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, türkmen zenanlarynyň ussatlyk bilen dokan halylary, milli el işleri, keteni, zergärçilik önümleri ýerleşdirilen ekspozisiýalar hem-de häzirki zaman surat usulyny milli däp-dessurlar bilen utgaşdyrylyp çekilen fotosuratlaryň dürli görnüşleri görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi