Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň gün tertibiniň 61-nji bendi hökmünde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy boýunça çekişmeleriniň konsepsiýasy Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde Guramanyň alty sany resmi dillerinde çap edildi.
Çekişmeleri Baş Assambleýanyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky 76/299 belgili "Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy" rezolýusiýasyna laýyklykda 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-nyň ştab-kwartirasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Konsepsiýada parahatçylyk zolaklarynyň döredilmegini Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň üstüni ýetirýän parahatçylygy saklamak gurallarynyň biri hökmünde hasaplap boljakdygy bellenilýär. Munuň özi, sebit ýurtlarynyň howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen öňüni alyş diplomatiýasynyň serişdeleriniň biri hökmünde ulanmak bilen, parahatçylyk zolaklary ýaly sebit mehanizmleriniň ösdürilmeginiň we güýçlendirilmeginiň, sebitdäki çaknyşyklary we dartgynlylyklary saklamagyň we kadalaşdyrmagyň iň netijeli usulydygyny görkezýär.
Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy baradaky 76/299 kararnama bilen bir hatarda, parahatçylyk zolaklaryny halkara derejesinde ykrar etmek we bu düşünjäni döretmegiň ýolunda ähmiýetli ädimler hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Günorta Atlantikada parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek (41/11, 1986-njy ýylyň 27-nji oktýabry) we Hindi ummanyny parahatçylyk zolagy diýip ykrar etmek (2832 (XXVI), 1971-nji ýylyň 16-njy dekabry) baradaky rezolýusiýalar hem bar.