icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

08 maý 2023

1162

Ýaponiýanyň Kobe şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Ýaponiýanyň Kobe şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Kobe şäheriniň häkimi Kizo Hisamotonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Kobe şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryna Arkadag şäheri we şäheriň gurluşygynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Ýaponiýanyň Kobe uniwersitetiniň prezidenti Fujisawa Masato bilen duşuşygy geçirildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda, taraplar ylym-bilim we medeniýet ugurlary boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek barada bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi