icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

10 maý 2023

1374

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katara iş sapary

2023-nji ýylyň 6-10-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň bilim ministrliginiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekillerinden ybarat bolan topar Katar Döwletiniň Doha şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň maksady Türkmenistanda seýisçilik, atçylyk, weterinar lukmançylygy (atçylykda), milli at üstündäki oýunlar, atly sport we syýahatçylyk taýýarlygyň ugurlary we hünärleri boýunça bilim maksatnamalaryny, standartlaryny, okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek babatynda tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Iş saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Katar Döwletiniň bilim we ýokary bilim ministrliginde gepleşikleri geçirdi we bu ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Kataryň Atçylyk federasiýasynyň hem-de “Future Horse Breeders” (“Gelejegiň atşynaslary”) atçylyk okuw merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we atçylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça pikir alyşyldy.  

Saparyň soňky gününde “Al Şakab” atçylyk merkezinde duşuşyk geçirildi we atçylyk ulgamynda okuw usulyýetine, seýisçilige we okatmagyň usulyýetine degişli halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmek barada maslahat edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi