icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 maý 2023

1368

BMG-niň Owganystana kömek missiýasynyň Yslamabatdaky edarasynyň başlygy BMG-Türkmenistan hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi

2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana kömek missiýasynyň (UNAMA) Yslamabatdaky edarasynyň başlygy Malik Siseýe Türkmenistanyň daşary syýasaty barada tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi A.Möwlamow Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi maksat edinýän oňyn daşary syýasaty barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň halkara ähmiýetli başlangyçlary esasynda BMG tarapyndan kabul edilen kararnamalar barada maglumat berildi. Aýratyn-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden kararnamasy esasynda 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edilendigi nygtaldy.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurulýan Arkadag şäheri barada aýratyn bellenildi. Arkadag şäheriniň gurluşygynda “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp, häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda gurulýandygy aýdyldy.

Myhmana strategik taýdan ähmiýetli bolan sebitleýin iri energiýa taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi. Bu taslamalaryň diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine däl-de, eýsem, sebitdäki hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Malik Siseý tanyşdyrylyş çäresi üçin hoşallyk bildirip, BMG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna, şeýle hem Arkadag şäherinde gurulýan desgalaryň hiline ýokary baha berdi. Şeýle hem sebitiň ykdysady ösüşine we syýasy durnuklylygyna ýardam etjek iri sebitleýin energiýa taslamalarynyň ähmiýetini belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi