2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti, TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iki günlük iş sapar bilen Yslamabat şäherine geldi.
Şol gün Päkistanyň Energiýa ministrliginde, Türkmenistanyň Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýewiň, Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary A.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň, Päkistanyň Elektrik energiýasy boýunça federal ministri Khurram Dastgir Hanyň we Päkistanyň Energiýa ministrliginiň nebit-gaz boýunça döwlet ministri Musadik Maligiň ýolbaşçylygyndaky Päkistanyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini, aýratyn-da “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji liniýasynyň we optiki-süýmli aragatnaşyk liniýasynyň durmuşa geçirilişi barada maslahatlaşdylar. TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatynda möhüm işleriň ýerine ýetirilendigi bellenip, Galkynyş gaz ýatagyndan Türkmenistan - Owganystan serhedine çenli uzynlygy 214 km bolan TOPH taslamasynyň Türkmenistan böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygy aýdyldy.
TOP elektrik geçirijisi diňe bir TOPH gaz geçirijisini elektrik energiýa bilen üpjün etmän, eýsem Päkistanyň içerki islegini kanagatlandyrmakda we elektrik energiýasynyň çykdajylaryny azaltmakda möhüm orun eýeläp biljekdigi bellenildi.
Päkistan tarapy, TOPH we TOP taslamalarynyň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegi we Päkistanda energiýa howpsuzlygyny we ykdysady ösüşi gazanmakda ähmiýetini belläp, Päkistanyň hökümetiniň bu taslamalary doly goldaýandygyny nygtady.
Taraplar bilelikdäki energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda Türkmenistanyň we Päkistanyň Tehniki Iş toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegi ylalaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Päkistana sapary dowam edýär.