icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

24 iýun 2023

2057

Ermenistan bilen telegepleşikler çygrynda hyzmatdaşlyk

2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň jemgyýetçilik telewideniýesiniň ýerine ýetiriji direktory Oganes Mowsesýan bilen duşuşdy.

Ilçi O.Mowsesýana wagt tapyp duşuşany üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistandan gelen wekilleriň Jemgyýetçilik telewideniýäniň “Ertiriňiz haýyrly bolsun” gepleşiginde birnäçe gezek myhmançylykda bolandyklaryny belledi. Bu telegepleşikleriň ermeni tomaşaçylaryny türkmen halkynyň gadymy taryhy hem-de özboluşly medeniýeti bilen tanyşdyrmak babatynda gowy mümkinçilik bolandygy nygtaldy.

Soňra ilçi täze gurlan Arkadag şäheri barada gürrüň berdi. Bu şäheriň dabaraly açylyşy şu ýylyň 29-njy iýunynda geçirilmegi meýilleşdirilýändigini belledi. Ol Arkadag şäheri, Türkmenistan we onuň paýtagty Aşgabat şäheri barada habarlary we telegepleşikleri taýýarlamak üçin Jemgyýetçilik telewideniýäniň habarçylaryny Türkmenistana çagyrdy.

Ilçi Ermenistanyň jemgyýetçilik telewideniýesiniň işi bilen tanyşdy we muzeýine baryp gördi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi