icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

05 iýul 2023

7133

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

Hormatly jenap Başlyk!

Hormatly döwletleriň we wekiliýetleriň Baştutanlary!

Ilki bilen, mejlise gatnaşýanlaryň ählisine salam bilen ýüzlenýärin. Şu möhüm mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin Hindistanyň Premýer-ministri jenap Narendra Modä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!

Şu pursatdan peýdalanyp, Sizi Gazagystan Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklygy kabul etmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ýurduňyzyň bu guramada başlyklyk etjek döwründe ähli başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Şeýle hem şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Seýed Ebrahim Raisini Eýran Yslam Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna kabul edilmegi bilen, şonuň ýaly-da, hormatly Aleksandr Grigorýewiç Lukaşenkony Belarus Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly hukukly agza döwletiniň derejesini almagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size täze görnüşdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde uly üstünlikleri we belent sepgitleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Biziň bu foruma gatnaşmagymyz Türkmenistana, onuň alyp barýan netijeli daşary syýasatyna bildirilýän uly hormatyň nyşanydyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. Şoňa görä-de, bu gurama bilen gatnaşyklary ösdürmäge biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek diýip düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna uly gyzyklanma bilen garaýarys. Bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagynyň oňat mümkinçiliklerini görýäris.

Şeýle işiň uly geljeginiň bardygyny bellemelidiris. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň kuwwatly serişde we önümçilik binýady, aýratyn-da, soňky ýyllarda ulag-logistika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynyň ösmegi bilen baglydyr. Ol özara ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygy we başga-da birnäçe mümkinçilikler bilen şertlenendir. Sebäbi diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip edýäris. Bu ugurlar:

birinjiden, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak;

ikinjiden, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmek;

üçünjiden, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmek. Gürrüň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmak barada barýar;

dördünjiden, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek;

bäşinjiden, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bolup durýar.

Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanýan taraplara teklip edýärin. Ýokarda bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şeýle geňeşmeleriň biziň şertlerimize we zerurlyklarymyza oňat baha bermäge, şonuň esasynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdiginden ugur alýarys.

Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça gatnaşyklaryň beýleki möhüm ugurlarynda hem ulanylyp bilner we ol hyzmatdaşlyga yzygiderlilik häsiýetini berer diýip hasap edýärin. Şeýle-de ol medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da ulanylyp bilner diýip pikir edýärin.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýäris. Şeýle çemeleşme asyrlara uzap gidýän ruhy we medeni gatnaşyklarymyza esaslanýar. Bu gatnaşyklar biziň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär. Munuň özi ýurdumyz bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dürli düzümleriň we esasy halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegi üçin goşmaça şertleri we mümkinçilikleri döredýär.

Çykyşymy tamamlamak bilen, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bellemek isleýärin. Biz özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýetilen derejesine ýokary baha berýäris. Hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini, onuň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görýäris. Biz mundan beýläk-de bilelikdäki netijeli işleri durmuşa geçirmäge taýýardyrys.

(2023-nji ýylyň 4-nji iýuly)

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi