icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 iýul 2023

2120

Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda Gruziýadaky diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Muratowyň Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady, ulag- energetika, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar halkara meýdançalarda hem-de sebitleýin düzümleriň çäklerinde işjeň gatnaşyklary amala aşyrýandygyny tassykladylar.

Ministriň orunbasary ilçä türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösmegine goşan uly goşandy üçin hoşallyk bildirdi we geljekde alyp barjak işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Ilçi, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin gruzin tarapyna hoşallygyny bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi