28 iýul 2023
6086
Tokioda ýylyň şygary hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» Ýyly we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tanyşdyrylyş duşuşygy geçirildi.
Bu çärä «Fujisan Çidama» geňeşe agza çagalar, mekdep okuwçylar we wekiller gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanda ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga aýratyn üns berilýändigini we ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän özgertmeleriň özüniň oňyn netijelerini berýändigini bellediler.
Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyryldy.
Başga habarlar
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16
Sep
Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi
Ähli habarlary görmek