2023-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň Kätipliginiň başlygy Ş.Matsuşita bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar özara hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdylar. Şýele hem gepleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow jenap Ş.Matsuşitany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitaby bilen tanyşdyry.
Ýapon tarapy, öz gezeginde, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Kitabyň “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölümine aýratyn üns berildi, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegindäki möhüm ornuny giňişleýin belläp geçýär.