icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

29 awgust 2023

2932

Päkistanyň energetika, energiýa we nebit ministri bilen duşuşyk barada

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň energetika, energiýa we nebit federal ministriniň w.w.ýe.ýe. Muhammad Ali bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda ilçi ministri täze wezipä girişmegi bilen gutlady hem-de TAPI we TAP ýaly bilelikdäki möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşy barada söhbetdeşlik geçirdi.

Ministr Päkistanyň ykdysadyýeti üçin tebigy gazyň ähmiýetlidigini nygtady we energiýa çeşmelerine bolan islegleriň artmagy bilen, agzalan taslamalaryň işjeň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bilelikde, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylyşy boýunça işçi toparyň duşuşyklaryny yzygider tertipde geçirmegiň zerurdygy kesgitlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi