15 sentýabr 2023
6143
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow “The Nippon Foundation” gaznasynyň başlygy Ýohei Sasakawa bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar ylym we bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Ilçi Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi.
Türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almaklary, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, şeýle hem ylym-bilim wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup durýar.
Başga habarlar
17
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
08
Oct
Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
03
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek