icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 oktýabr 2023

1703

Buharestde türkmen-rumyn hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikler geçirildi

2023-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi A.Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň başlygy A.K.Kolçar bilen duşuşdy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri we geljekki özara gatnaşyklar üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ileri tutulýan ugurlar hökmünde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlary kesgitlediler. Iki ýurduň arasynda parlamentara derejesinde oňyn özara gatnaşyklaryň bardygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, taraplar türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi