icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 ýanwar 2017

1412

Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanda öz diplomatik wezipesini tamamlaýan, Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Abdul Malik bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesine ünsi çekip, taraplar ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini bellediler. Duşuşygyň dowamynda energetika çygrynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine hem garaldy.

Türkmen tarapyna soňky ýyllarda Ilçihananyň işine berilen goldaw we myhmansöýerlik üçin çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirip, Pakistanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilelikdäki taryhyň, medeniýetiň we däpleriň esas bolup hyzmat edýän iki ýurduň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi