2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Prezidentleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygy boldy.
Gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň özarabähbitli tagallalaryň birleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm ugurlary hem-de sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri girizildi.
Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Bu gatnaşyklar häzirki wagta çenli iki döwletiň arasynda gol çekilen birnäçe döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarda öz beýanyny tapdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça işjeň pikir alşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Ulag-kommunikasiýa pudagy we energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Soňky ýyllarda emele gelen düzümleriň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bu ugurdaky gatnaşyklaryň berkidilmegine täsirini ýetirer.
Ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylap, görkezen myhmansöýerligi hem-de bilelikde işlemäge döreden oňaýly şertleri üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi.
Iki halkyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilýändigi we ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi berilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegine zerur şertler döredilýär. Döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.
Soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary saparyň çäklerinde Tähranda eýran kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary metbugat üçin gysgaça ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri we onuň çäklerinde gol çekilen resminamalar barada aýdyp, Döwlet Baştutanymyz gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Eýrana nobatdaky saparyň maksadalaýyk derejede amala aşyrylandygyny belläp, bu ýurduň dostlukly halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy boldy.
Bellenilişi ýaly, dostluk we birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşykda iki ýurduň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, hususan-da, türkmen-eýran parlamentara duşuşyklarynyň geçirilmegini we özara tejribe alşylmagyny ýola goýmagy teklip etdi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni “Mehrabad” Halkara howa menziline geldi we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerden Watanymyza ugrady.