2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirip, gyrgyz Lideri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Bellenilişi ýaly, yzygiderli geçirilýän gepleşikler hem-de döwlet we Hökümet derejesindäki özara saparlar köp babatda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegine ýardam edýär. Munuň özi özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam edýän parlament ugurly gatnaşyklaryň möhüm ornuny nygtady.
Duşuşygyň çäklerinde bar bolan mümkinçilikleri we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklar geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda bilelikde işlemek hem-de tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini ýene-de bir gezek nygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.