17 noýabr 2022
5346
Germaniýanyň "Goetzpartners Corporate Finance GmbH" we "Prodoehl Consult GmbH" kompaniýalary bilen duşuşyk barada
2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Goetzpartners Corporate Finans GmbH we Prodoehl Consult GmbH nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem dürli geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdy.
Saparyň çäginde nemes işewür wekiliýetiniň Türkmenistanyň Hökümetinde birnäçe duşuşyklary geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Başga habarlar
28
Okt
Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
28
Okt
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28
Okt
Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
28
Okt
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
27
Okt
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň baştutanlygyndaky wekiliýeti Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy
Ähli habarlary görmek