2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabiniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Mohammed Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň köşgüne ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli garşylady.
Döwlet Baştutanlary dostlukly salamlaşyp,Türkmenistanyň we BAE-niň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyna gatnaşmak üçin köşge bardylar.
Soňra uly mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna we şu gezekki gepleşiklere döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ösdürmek babatda uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hormatly Prezidentimizi iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, asylly we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentine mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz bu saparynyň Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Birleşen Arap Emirliklerine ilkinji saparydygyny belläp, şu duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, bu gatnaşyklary iki tarapyň hem mümkinçiligine, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmak barada pikir alşyljakdygyny nygtady.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edilýär.
Soňra ýokary derejedäki ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen we ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunda Türkmenistanda soňky ýyllarda amala aşyrylan birnäçe taslamalara BAE-niň gatnaşandygyny anyk mysal hökmünde getirmek bolar. Birleşen Arap Emirlikleriniň maýa goýum we maliýe edaralary, hususan-da, Abu-Dabiniň ösüş gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bilim, ylym, medeniýet we sport ulgamlary hem türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarydyr.
Şeýle-de taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary ynanyşykly, dostlukly we şol bir wagtyň özünde işjeň häsiýete eýe bolan, Türkmenistan bilen BAE-niň däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen bu gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasyna gatnaşyjylar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär.