2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Oslo şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jon Mikal Kwistadadan ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet baştutanynyň adyndan Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Norwegiýaly diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda üstünlik arzuw etdi.
Duşuşykda Türkmen-Norwegiýa gatnaşyklaryny häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşyldy.
Ilçini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň işleri bilen tanyşdyrmagyň barşynda, onuň daşary ýurt parlamentleri bilen gatnaşygy barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda iki döwletiň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça birnäçe tekliplere seredildi.
Günüň birinji ýarymynda Norwegiýanyň Ilçisi Jon Mikal Kwistad Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen duşuşdy we ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň geljeginiň ugurlary barada pikir alyşdylar.
Diplomatlar Owganystandaky ýagdaýlary agzamak bilen halkara we sebit meselelerine hem garadylar.
Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga gezek gelende, sebitara howpsuzlygy boýunça tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti bellendi.
Şeýle hem, ulag we üstäşyr geçelgeleriň ugurlaryny ösdürmäge üns berildi, bulardan başgada energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada maslahatlaşyldy.