2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna gabat gelýän "Dialog parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahatynyň çäginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen duşuşdy.
Hormatly myhman, Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanan Aşgabat halkara hepdeliginiň çäginde geçirilýän çärelere çakylygy we görkezilen myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň sebitiň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini güýçlendirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek hem-de ekologiýa howpsuzlygy we energiýa netijeliligini saklamak ýaly meselelerde BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygy nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanyň BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy bilen dürli ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň netijesini kanagatlanma bilen bellediler. Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň ulag, söwda, energetika we daşky gurşawy goramak babatynda gatnaşyklary utgaşdyrmakda Komissiýanyň möhüm orny barada nygtaldy.
Daşky gurşawy goramak meselesini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň tarapyndan şäherlerde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çäreleri goldamak üçin başlanan "Şäherlerdäki agaçlar" ählumumy kampaniýa işjeň gatnaşýandygy mälim edildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çäginde hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen tarapy SPECA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny mälim etdi. UNECE we ESCAP hünärmenleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň geljegi hem beýan edildi. Bu nukdaýnazardan, düzümi kämilleşdirmek we bu Maksatnamanyň işini özgertmek, şol sanda SPECA Maksatlaýyn Gaznasyny we Sekretariatyny döretmek ýaly meselelere seredilip geçildi.
2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň bilen BMG-nyň arasynda Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy görnüşinde BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy bilen özara gatnaşyklar barada pikir alyşyldy.
Bu nukdaýnazardan BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň hökümetiniň Durnukly ösüş konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, döwletiň BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin täsirli çäreleri we milli maksatnamalarda görkezijileri üçin ýokary baha berdi.
BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň howandarlygynda meýilleşdirilen möhüm çäreleri we duşuşyklary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda geljek ýyl üçin özara gatnaşyklaryň anyk ädimleri beýan edildi.