2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafi bilen duşuşdy.
Duşuşykda ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hökümetara gatnaşyklary, şol sanda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň üsti bilen hasam giňeltmek barada ylalaşdylar.
Diplomatlar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halkara we sebit guramalarynyň çäginde kem-kemden ösjekdigine umyt bildirdiler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýetini belläp, taraplar nebit-gaz pudagynda, elektrik energiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny, suw pudagy we daşky gurşaw meselelerini, şol sanda bilelikdäki suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gadymy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.