2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda günüň birinji ýarymynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iri energetika döwleti bolmak bilen, özara bähbitlere giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny yzygiderli ösdürmek, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewropa bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika strategiýasynyň esasy ugurlarydyr.
Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Pudagy ösdürmäge ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu pudaga berýäb ünsi netijesinde, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwaty birnäçe esse artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini däl, eýsem, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini hem artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Taraplar bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açylýan uly mümkinçilikleriň hukuk kadalaryna, birek-birege hormat goýmaga hem-de özara bähbitleri nazara almaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýändigini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň şu sammitiniň bu ugurda möhüm ädim boljakdygyna, dostlukly ýurtlaryň we doganlyk halklaryň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.