2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdirilýän hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysady ugurda Türkiýäniň uzak möhletli ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, söwda dolanyşygy we maýa goýumlary babatynda biziň ýurdumyzda öňdebaryjy orny eýeleýändigine aýratyn üns berildi. Ykdysady ugurda Türkiýäniň uzak möhletli ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, söwda dolanyşygy we maýa goýumlary babatynda biziň ýurdumyzda öňdebaryjy orny eýeleýändigine aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara toparynyň we Işewürler maslahatynyň ähli mümkinçiliklerini täsirli gatnaşyklary berkitmek we täze bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin esasy gural hökmünde ulanmaklygyň zerurdygy nygtaldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlarynyň arasynda söhbetdeşler ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklaryny kesgitlediler. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn esasda ýurtlarymyzyň arasynda işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belläp, döwlet Baştutanlary bilelikde durmuşa geçirilýän birnäçe iri taslamany mysal hökmünde görkezdiler.
Döwletara gepleşikleriň aýrylmaz, möhüm bölegi iki dogan halklary birleşdirýän taryhy, ruhy we medeni umumylygy bolan ynsanperwer ugurdyr. Bu babatda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Türkiýäniň ylym-bilim, medeniýet we sungat hem-de sport ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlygy etdiriljekdigini kanagatlanma bilen bellediler.