2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň nobatdaky mejlisini gurnamak başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirdi we duşuşygyň öz wagtynda bolandygyny belläp, kärdeşine “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän esasy we iň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berdi. Birinjisi, syýasy we diplomatik ugurlarda hyzmatdaşlyk. Bu ugra iň ýokary derejedäki gepleşikler we parlamentara gatnaşyklary girýär. Ikinjisi, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi, üçünjisi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy.
Duşuşygyň ahyrynda Daşary işler ministrlikleriniň ýolbasçylary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli we durnukly ösdürilmegine ynam bildirdiler.