2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat hormatly Prezidentimize Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we türkmen halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine özüniň hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda, üstaşyr-ulag düzümlerinde, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda iki dostlukly halklaryň abadançylygyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.
Özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz doganlyk ýurtlaryň gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow hormatly Prezidentimize iki ýurduň, olaryň halklarynyň, sebitiň durnukly ösüşiniň bähbidine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.