2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Mongoliýanyň täze bellenen ilçisi Dorji Baýarhuu ( oturýan ýeri Astana ş.) bilen duşuşdy.
Türkmen tarapy ynanç hatynyň nusgalaryny kabul edip, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt bildirdi we Ilçiniň bu ugurdaky işlerine hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň meselelerini belläp geçip, taraplar nobatdaky syýasy maslahatlaşmalary geçirmek meselesine garadylar. Şeýle hem taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda, energetika, agrosenagat toplumy, dokma senagaty, medeni- ynsanperwer ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Türkmen tarapy hem öz gezeginde 2023-nji ýylyň 28-30-njy noýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Agro-Pack Türkmenistan-2023” halkara sergisine gatnaşmak üçin mongol işewürlerini Türkmenistana çagyrdy.
Taraplar iki döwletiň ulag-üstaşyr we transport ulgamynyň uly mümkinçiligini belläp geçdiler we Ýewraziýa sebitinde demir ýollary we gara ýollar toruny döretmekde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tekliplerini aýtdylar.