icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 fewral 2023

4521

Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk barada

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saudyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garaldy.

Ikitaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy we gün tertibi, şeýle hem şu ýyl dürli derejelerde geçirilmegi meýilleşdirilýän özara saparlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi