2023-nji ýylyň 9-10-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Hökümetiniň hem BMG-niň Azyk howpsuzlygy we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň goldamagynda guraldy.
Maslahatyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Eýranyň, Türkiýäniň, BMG-niň wekilleri, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň – Bütindünýä bankynyň, USAID-iň, GIZ-iň we beýlekileriň bilermenleri gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň arasynda halkara we sebit guramalarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem bar.
Halkara forum umumy mejlis bilen açyldy, soňra mowzuklaýyn sessiýalar bilen dowam etdirildi. Howanyň üýtgemeginiň arabaglanyşygyna we onuň agroulgama ýetirýän täsirine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Eýranyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine esasy üns berildi. Bu babatda hyzmatdaşlygyň sebitleýin ugurlaryna hem seredildi. Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Howa tehnologiýalary boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkezini açmak baradaky Türkmenistanyň başlangyjyna bolsa, aýratyn sessiýa bagyşlanyldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Aşgabat forumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurdaky sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança boldy. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, bu ulgamdaky wezipeleri çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegi ählumumy durnuklylygyň hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Eýranyň wekilleri öz ýurtlarynda amala aşyrylýan azyk ulgamlarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaklaryna hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasat we alnyp barylýan çäreler barada aýdyp geçdiler. Şol bir wagtda, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň ekologik ulgama ýetirýän täsiri, hususan-da, suw gorlary we ýerleriň degradasiýasy bilen baglylykda serhetara häsiýete eýedigi bellenildi. Gatnaşyjylar utgaşdyrylan çäreleri alyp barmaklygyň we pudaklaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurlygy barada umumy pikiri beýan etdiler.
Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýa döwletleri bilen FAO-nyň bileikdäki hereketleriniň işjeňleşdirilmegine aýratyn orun berildi.
Bu ugurda Türkmenistanyň BMG, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda, FAO bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini bellemek gerek. Ýakyn hyzmatdaşlygyň netijeleriniň biri hökmünde azyk ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen Aşgabatda geçirilen halkara forumyň we beýleki çäreleriň ähmiýetini görkezmek bolar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen duşuşyga FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutu, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary we Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyklaryň çäklerinde howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy meseleleri, şol sanda, azyk ulgamlarynyň berkidilmegi boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.