14 mart 2023
6806
Türkmenistanyň DIM-nde Beýik Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň patyşa institutynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň Beýik Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň patyşa institutynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygynyň, häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek meseleleri, şol sanda, owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem sebitiň söwda-ykdysady giňişligindäki gatnaşyklary bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Başga habarlar
20
May
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi
19
May
KHBS üçin maglumat
19
May
Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada
19
May
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşýar
18
May
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Ähli habarlary görmek