Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Nuakşot şäherinde, Mawritaniýada geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar.
“Araçyllyk: howpsuzlygyň we durnuklygyň açary” şygary bilen geçirilýän mejlisiň jemleýji güni Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryndan gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.
Öz gezeginde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlisde söz sözledi. Türkmen wekliýetiniň çykyşynda Türkmenistanyň alyp barýan Hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna üns çekilmek bilen, onuň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, gurama agza bolan ähli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň dowam etdiriljekdigi bellenildi.
Mundan başga-da, W.Hajiýewiň çykyşynda Bitaraplyk syýasatynyň we gepleşikleriň halkara parahatçylygy üpjün etmekdäki möhüm ornuna we onuň esasynda emele gelýän oňyn netijelere ýokary baha berildi.
Şol bir wagtda, taraplar YHG-nyň çäklerinde raýdaşlygy artdyrmak we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine çagyrylmak bilen bilen, Türkmenistanyň soňky ýakyn günlerdäki bu gurama agza bolan doganlyk döwletlere beren ynsanperwer goldawlary barada maglumat berildi.