icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

21 mart 2023

4681

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine döwlet sapary

2023-nji ýylyň 19-20-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary boldy.

20-nji martda günüň birinji ýarymynda «Sheraton Grand Doha Resort and Convention» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum guramalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirildi. Işewürlik çäresine Kataryň Söwda-senagat edarasynyň, Işewürler assosiasiýasynyň, “Delta Group”, “Turnkey Trading and Contracting”, “Shaheen Al Mohannadi Group”, “Bin Twar Group” ýaly iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleri, şeýle-de özara gatnaşyklaryň esasy we geljekki ugurlaryny görkezýän sergi guraldy.

Kataryň Söwda-senagat edarasynyň wekili Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, döwletara ykdysady gatnaşyklara kuwwatly itergi berjekdigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde türkmen-katar gatnaşyklaryny ýurtlarymyzyň eýe bolan düýpli ykdysady mümkinçiliklerine laýyk gelýän derejä çykarmak üçin ähli zerur şertleriň bardygyny nygtady. Türkmenistanda Katar Döwletine we onuň işewür toparlaryna ynamdar hyzmatdaş hökmünde garalýandygy bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, energetika, oba hojalyk toplumy, dokma pudagy, ylmy we innowasion önümçilikler, şäher gurluşygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ýaly pudaklarda maýa goýum işini ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.

Söwda-ykdysady ugur boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň entek doly möçberde ulanylmaýandygyna nygtalyp, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen bilelikde işewürler geňeşiniň döredilmeginiň tarapdarydygy tassyklanyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Kataryň telekeçiler birleşmesi bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýlelikde, işewürlik binýatlaryny pugtalandyrmaga taýýardygy beýan dildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň iki ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak nukdaýnazaryndan oňyn ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şol bir wagtda Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda geçiriljek Toparyň nobatdaky mejlisiniň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle-de ýurtlarymyzyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, Hazar deňzinde nebit we gaz önümçiligi, Türkmenistanyň nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynda häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, halkara energetika taslamalaryna bilelikde gatnaşmak ýaly oňyn mümkinçilikleri seljermegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň halkara turbageçirijiler taslamalaryny durmuşa geçirmäge Katar Döwletiniň işewürler bileleşiginiň gatnaşmagy üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üpjünçilik ulgamlary boýunça taslamalara katarly hyzmatdaşlary çekmäge taýýarlyk beýan edildi.

Dokma senagaty ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Mundan başga-da, Katar Döwletiniň maliýe ulgamynyň, maliýe-karz edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň döreýşiniň we hereketiniň oňyn tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi barada aýdyldy.

Şeýle hem türkmen telekeçileriniň katarly kärdeşleri bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary düýpli we hil taýdan giňeldilmegine üns berlip, iki ýurduň haryt öndürijileriniň we hyzmatlar ulgamynda özara sergileri geçirmegiň, bilelikdäki işewürlik maslahatlaryny yzygiderli guramagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatlyklary we baý tebigy serişdeleri, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen pudaklarynyň gazanýan üstünlikleri, durmuşa geçirilýän milli hem-de halkara ähmiýetli iri taslamalar barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Katarly işewürleri öz beýanyny ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlarda, pugtalandyrylýan şertnama-hukuk binýadynda tapýan ikitaraplaýyn gepleşikleriň durnuklylyk häsiýetine eýedigini we özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler.

Şeýle hem bu ýerde Kataryň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan kompaniýalarynyň kuwwatlyklary we mümkinçilikleri barada gürrüň berildi we Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, nebitgaz enjamlaryny eksport etmek, söwda-ykdysady, senagat, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi.

Şeýle-de türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny giňeltmäge hem-de giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň, halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iş alyp barmak ugrunda döredilýän amatly maýa goýum ýagdaýy we üpjün edilýän şertler bilen ýerinde tanyşmak üçin Türkmenistana gelip görmäge meýilleriniň bardygy nygtaldy.

Mundan başga-da, türkmen telekeçileriniň Katarda bilelikdäki işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy aýdyldy.

Ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda Aşgabatda dostlukly ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biriniň ýöriteleşdirilen merkezini açmak teklibi öňe sürüldi.

Gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda bank işi we gozgalmaýan emläk bazaryny ösdürmek ykdysadyýetiň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Erkin senagat zolaklaryny döretmek, onda Kataryň toplan oňyn tejribesini alyşmak ýaly birnäçe teklipler öňe sürüldi.

                                                                                                               ****

Işewürler-maslahaty tamamlanandan soňra Katar Döwletiniň Emiriniň köşgünde ýokary derejeli duşuşyklar geçiildi.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň dowamynda Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani ikitaraplaýyn syýasy dialogyň oňyn ösüşini kanagatlanma bilen belläp, özara saparlaryň we ýokary derejedäki duşuşyklaryň munuň subutnamasydygyny nygtady.

Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandyny aýratyn belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýangyç-energetika toplumy, senagat we söwda, ulag-aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, maýa goýumlar, gurluşyk, syýahatçylyk ulgamlary döwletara hyzmatdaşlygyň has ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Şeýle hem ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmeginiň ýurtlarymyzyň abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň çäklerinde Dohada Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, bu waka ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyry alamatlandyrar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerligi üçin Hökümet wekiliýetiniň adyndan Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kataryň Emirine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Biziň ýurtlarymyz daşary syýasat ulgamynda Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen oňyn Bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de sport ulgamy ýaly möhüm meseleler boýunça Kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin katar tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna Katar Döwletiniň hem agza bolmagy döwletlerimiziň dünýäde dostlukly gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp dowam etdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýändiklerini görkezýär.

Öz gezeginde, Türkmenistan hem Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralaryna, ençeme ýöriteleşdirilen halkara komissiýalaryna we komitetlerine saýlawlarda Katar Döwletiniň dalaşgärligini ençeme gezek goldady. Şeýle çemeleşme dowam etdiriler.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen uzak möhlete gönükdirilen, deňhukukly we özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Nygtalyşy ýaly, dostlukly ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler olaryň hem Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň tarapdarydyklaryny görkezdi.

Biziň ýurtlarymyzyň ýangyç-energetika kuwwaty we olaryň dünýäniň söwda, ulag-aragatnaşyk çatrygynda oňaýly ýerleşmegi türkmen-katar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge giň ýol açýar. Şunda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu toparyň nobatdaky mejlisi ýakyn wagtda Aşgabatda geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz dokma senagatyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, katarly işewürleriň bu ugurdaky tekliplerine seretmäge doly taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmen-katar işewürler geňeşini döretmek meselesini iş ýüzünde amala aşyrmaga içgin seretmegiň möhümdigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky bilelikdäki işi güýçlendirmegiň halklarymyzyň ýakynlaşmagyna we özara kämilleşmegine, iki halkyň arasyndaky dostlugy berkitmäge ýardam berýän örän möhüm şertdigini nygtady. Şeýle-de ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine üns çekildi. Hususan-da, Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi boýunça katar gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga Türkmenistanyň uly gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, dünýäniň ýokary tehnologiýalar babatda gazananlaryny özleşdirmek, tejribe we tälim alyş-çalyş saparlaryny guramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek teklip edildi.

Sport ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistanda sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek döwlet syýasatynyň wajyp bölegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emirini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Soňra ikiçäk görnüşde ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler saparyň gün tertibine girizilen meseleleriň taraplaryň döwletara gatnaşyklary we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan edýändigini tassykladylar.

Katar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ähli ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň iki tarapyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde öňe sürülýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Parlamentara gatnaşyklar duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy.

Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde ykdysady, söwda we maýa goýum, maliýe-bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýangyç-energetika toplumynda, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, import-eksport kuwwatyny amala aşyrmak üçin hem uly mümkinçilikler bar.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Katar Döwletiniň Emiri iki halkyň medeni-taryhy kökleriniň we ruhy baglanyşyklarynyň mizemezdigi barada aýdyp, ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, ylym, medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle-de ýaşlar syýasatynda, durmuş ulgamynda, syýahatçylyk we sport boýunça ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

                                                                                                           ****

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi boýunça katar gaznasyna geldi we bu ýerde gaznanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gaznanyň esasy wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi boýunça katar gaznasynyň howandarlygynda 50-den gowrak bilim we ylmy-barlag edaralary döredildi. Gazna Katarda köpugurly innowasion merkez bolup, bu ýerde ýerli alymlar ählumumy meseleleri çözmegiň üstünde işleýärler.

“Bilim şäheri” diýlip atlandyrylýan şäherde 12 inedördül kilometrden gowrak bolan barlag we jemgyýetçilik merkezleri, öňdebaryjy halkara ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalary açyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyza gazna baradaky wideoşekiller görkezildi. Durnukly adam kuwwatyny ösdürmäge çalyşýan, bilime esaslanýan ykdysadyýetli ýurduň durmuş we ykdysady abadançylygyny maksat edinýän innowasion, açyk jemgyýeti goldamak bu gaznanyň esasy maksadydyr.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara söwlet sapary tamamlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi