23 mart 2023
5308
Türkmenstan bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň arasynda hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň Baş direktory M.Grossiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu Agentligiň Baş binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyna oňyn baha berdiler. Şeýle hem IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi.
Şol bir wagtyň özünde, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we oba hojalygy ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Başga habarlar
30
Okt
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
29
Okt
Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy
29
Okt
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna gatnaşdy
29
Okt
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekiliýeti Pusan şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammitine gatnaşdy
29
Okt
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Parlamentiniň iki palatasynyň başlyklary bilen duşuşyklary geçirdi
Ähli habarlary görmek