icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 mart 2023

1970

Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi akkreditirlendi

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýndan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň ugry boýunça işjeň ösdürilýän dostlukly we geljegi uly döwletara gatnaşyklar ulgamynda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomat ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň, ählumumy abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary bilen içgin tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlaryň ählisi, şol sanda Latyn Amerikasynyň döwletleri bilen özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-argentin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar ençeme ugurlarda, şol sanda oba hojalygy, sanly tehnologiýalar, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň okgunly ösmegini üpjün edýän özara gyzyklanmalaryň bardygyny tassykladylar.

Kanun çykaryjy ulgamda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi bilen bagly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň ikisi-de bu gatnaşyklary ösdürmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns berýärler.

Duşuşygyň ahyrynda Argentina Respublikasynyň ilçisi ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi