Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen gepleşikleri geçirildi.
Taraplar geňeşmeleriň çäginde ikitaraplaýyn gün tertibindäki dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, giňişleýin strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşyklary köp ugurlar boýunça çalt depginde ösdürilýär. Olaryň tapawutlanýan aýratynlygy, iki döwletiň arasynda döwlet baştutanlarynyň derejesinde işjeň aragatnaşygyň saklanmagy hem-de bu gatnaşyklaryň çäklerinde dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çalt depgin bilen ösýändigini, energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy beýan etdiler. Bu nukdaýnazardan, ýurtlaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarjakdygy nygtaldy.
Diplomatlar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşligini ýa-da ýakynlygyny bellediler.
"Merkezi Aziýa - Hytaý" formatynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi. Bu nukdaýnazardan, taraplar 18-19-njy maýda Sian şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň Döwlet baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.