2023-njio ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi.
Ma Çžaosýuý Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi we şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prezidentimiziň bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen garalýar.
Türkmen döwletiniň baştutany dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýan Hytaý bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda Merkezi Aziýa möhüm ornuň degişlidigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin HHR-iň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.
Şu günki günde Türkmenistan bilen HHR halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar.