icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

23 maý 2023

2192

Rumyniýada Türkmenistanyň medeniýet günleri açyldy

2023-nji ýylyň 22-26-njy maýynda Buharest we Konstansa şäherlerinde geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Rumyniýa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekillerinden, sungat işgärlerinden, alym-professorlardan, şeýle-de habarçylardan düzülen topar geldi.

22-nji maýda Buharestde Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylym we sungat işgärleri, bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik edaralaryň, Türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de dostlukly ýurduň paýtagtynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Bu döredijilik çäresi türkmen akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararynyň çäklerinde geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň medeniýet günleriniň maksatnamasyna eserleri dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna goşulan beýik türkmen şahyrynyň hem-de akyldarynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat, sergi, poeziýa agşamy, «Istärin» filminiň görkezilişi girizildi. Şeýle-de türkmen çeper we amaly-haşam sungaty, özboluşly milli tagamlary hem egin-eşikleri, türkmen halkynyň aýdym-saz döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Medeniýet günleriň açylyş dabarasynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň medeniýet ministrleriniň orunbasarlary, Türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň rumyn tarapyndan ýolbaşçysy, şeýle hem diplomatlar, alymlar, iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri çykyş etdiler hem-de beýik şahyryň edebi we filosofiki mirasynyň dünýä nusgawy edebiýatyna eden goşandyny we ähmiýetini bellediler.

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli giňeltmäge hem mümkinçilik berýandigi nygtaldy.    

Açylyş dabarasynyň çäklerinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Konserte milli saz sungatynyň eserleri, folklor sahnalar, Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlar girizildi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi