icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

26 maý 2023

2307

Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Rumyniýanyň Konstansa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy.

"Jean Constantin" ýaşlar üçin köpugurly bilim merkeziniň eýwanynda sergi açyldy. Onuň esasy bölegi Magtymguly Pyragynyň kitaplaryndan, goşgular ýygyndylaryndan, şeýle hem türkmen halkynyň taryhyna, ýurdumyzyň täsin tebigatyna we syýahatçylygyň özüne çekijiligine bagyşlanan meşhur ylmy edebiýatdan ybarat boldy.

Sergi bilen tanyşlyk mahalynda çärä gatnaşyjylar dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan gadymy milli egin-eşikler, öý goşlary, bezeg we amaly sungatyň özboluşly nusgalary bilen tanyşdylar. Türkmen saz gurallary hem-de türkmen zergärleriniň ussatlyk bilen ýasan işleri uly gyzyklanma döretdi.

Meşhur halk sazandalary we ýerine ýetirijileri, opera we estrada aýdymçylary, "Dokmaçylar" folklor-etnografiki tans topary döredijilik baýramçylygynyň myhmanlaryna öz sungatyny görkezdiler.

Şeýle hem görnükli türkmen nusgawy şahyry, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Istärin” filmi görkezildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günlerini guramak we geçirmek boýunça döredilen şertler, dostlukly ýurduň giň jemgyýetçiligini özboluşly hem-de baý türkmen medeniýeti bilen tanyşdyrmak mümkinçiligi üçin Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Konstansadaky çäreleriň maksatnamanyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýunus Emre institutynda döredijilik duşuşygyny geçirdiler. Bu ýerde türkmen alymlary Magtymguly Pyragynyň eserlerini ylmy taýdan öwrenmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi