2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Ilçiniň ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi.
W.Hajiýew Ilçini gutlap, onuň täze wezipä bellenilmegi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň has hem netijeli hyzmatdaşlyga eýe bolup, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ösjekdigine umyt bildirdi.
Soňky ýyllarda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň netijeli häsiýeti barada bellenildi, onuň esasy bolsa ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli syýasy gepleşikler bolup durýar.
Koreýa bilen parlamentara gatnaşyklarynyň soňky wagtlarda yzygiderli häsiýete eýe bolýandygy we ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň möhüm ugruna öwrülýändigi nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçen ýylyň noýabr aýynda Koreýa amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti beýan edildi.
Diplomatlar biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, hususan-da “Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde üstünlikli özara hereketleri alyp barýandyklary babatynda özara ylalaşyga geldiler. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylda Aşgabatda “MA + Korea” görnüşinde 16-njy forumy geçirmek meselesine üns berildi.
Söwda we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen şu ýyl Aşgabatda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek mümkinçiligine seredip geçdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynyň yzygiderli, dowamly we uzak möhletli häsiýetini bellediler, muňa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi şaýatlyk edýär.
Şeýle hem duşuşykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejedesi bellendi. Şol bir wagtyň özünde medeniýet we ylym, saglygy goraýyş, bilim we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.