2023-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň baş sekretary Ilýas Demirjini kabul etdi.
Duşuşygyň başynda I.Demirji döwlet Baştutanyna “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy hem-de onuň häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny belledi
Ýurdumyzyň Prezidenti bu sylagy Türkmenistanyň binagärlik, inženerçilik, şäher gurluşygy babatda ýeten derejesine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetdäki özgertmeler ýurdumyzyň çalt we durnukly ösüşini üpjün edýär. Kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde täze şäherler, etraplar, obalar, dürli desgalar we senagat kärhanalary gurulýar we işe girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlyk meseleleri barada aýdyp, türki halklaryny umumy taryhyň, medeniýetiň, durmuş gymmatlyklarynyň birleşdirýändigini belledi.
Türki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dolandyryş çözgütleri esasynda, şäher gurluşygyny kämilleşdirmekde inženerçiligiň gazananlary babatda tejribe alyşmak meselelerine garaljakdygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça anyk teklipleri öwrenmäge taýýardygy mälim edildi.