2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda bu ugurda ileri tutulýan meseleleriň toplumyna seredildi. Hususanda, mejlise gatnaşanlar Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny ýerine ýetirmek hem-de bu ugry ösdürmek babatynda daşary ýurt tejribesini öwrenmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri energetika diplomatiýasy bolup durýar. Türkmenistan energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz goşandyny goşýar, bu ugurda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär hem-de halkara we sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly işlere işjeň gatnaşýar.
Duşuşyga gatnaşanlaryň bellemegine görä, wodorod energetikasy ulgamynda ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkmenistanda häzirkizaman tehnologiýalaryna esaslanýan we degişli hünärmenler bilen üpjün edilen ýokary öndürijilikli wodorod energetikasy ulgamyny döretmek barada işler alnyp barylýar. Bu babatda, ýurdumyzyň wodorod energetikasy ugrunda ylmy binýady berkitmek maksady bilen, bu pudak üçin hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek wezipesiniň möhümdigi bellendi. Şunuň bilen baglylykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilen wodorod energiýasy boýunça merkeziniň ýerine ýetiren işleri bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň wodorod energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleleşigi, Aziýa Ösüş banky, şeýle hem Beýik Britaniýa, ABŞ, Ýaponiýa we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.