icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

08 awgust 2023

3079

Niderlandlaryň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Şu gün, 2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistanda öz işini tamamlaýan Niderlandlaryň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstens bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomata türkmen-niderlandlar gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin hoşallygyny bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp gün tertibi, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşdäki we halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşyldy.

Taraplar söwda, ykdysadyýet, energetika, ekologiýa, oba hojalygy pudaklarynda, şeýle-de medeni-ynsanperwer hem bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini nygtadylar.

Niderlandlaryň ilçisi, öz gezeginde, Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi