icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

19 awgust 2023

4783

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Katar Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Katar Döwletiniň Emiriniň köşgünde Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Ýolbaşçylygynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly salamlaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa özüniň iň gowy parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi