icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 awgust 2023

2037

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-malaýziýa geňeşmeleri geçirildi

2023-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi.

Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde gatnaşyklary has hem ösdürmek baradaky özara ymtylyş ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm görkeziji bolup durýandygy nygtaldy.

Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Şeýle hem taraplaryň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ynsanperwerlik ugry bellenildi, bu ýerde taraplaryň syýahatçylyk, bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem saglygy goraýyş pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly tejribesi we berk mümkinçiligi bar.

Iki ýurduň döwlet we hususy gurluşlarynyň wekilleriniň arasyndaky gyzyklanmalaryň ähli ugurlarynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňelmegine goşant goşýan bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin özara gyzyklanma bildirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi