icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

08 sentýabr 2023

4051

UNFPA-nyň sebitleýin direktory bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde birnäçe ugurda netijeli özara hereketler barada bellediler. Gender deňligi, reproduktiw saglygy we maşgalany meýilleşdirmek babatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk nygtaldy.

Geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi