icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 sentýabr 2023

2000

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Duşenbede Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada bilen gepleşikleri geçirdi.

Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary ösüş derejesi nygtaldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany we Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek bilen, Duşenbede geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi