icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 sentýabr 2023

2809

Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynda iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýän ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldiler, şeýle hem duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew synçy hökmünde gatnaşdy.

Sammite gatnaşyjylara ýüzlenip Türkmen döwletiniň Baştutany Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmona tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, myhmansöýer Täjigistanda geçirilýän şu gezekki duşuşygyň biziň gatnaşyklarymyzyň hem-de sebit meselelerini bilelikde, raýdaşlyk ýagdaýynda çözmäge özara gyzyklanmanyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Şu günki waka Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjylar hökmünde biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi şu ýyl biz bu gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we hemmeleri bu şanly sene bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda hut Araly halas etmegiň halkara gaznasy Aral deňziniň guramagy zerarly emele gelen ekologik. durmuş-ykdysady meseleleri çözmek maksady bilen, dialog we hyzmatdaşlyk üçin möhüm sebit meýdançasyna öwrüldi.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz öz başlangyçlaryny milli derejede, şeýle hem dünýä giňişliginde geçirýän anyk işleri bilen berkidýär.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder.

Şunuň bilen baglylykda, biz gaznanyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlarynydyr wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip edýäris. Bu işleri Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara hukugyň binýat goýujy ýörelgeleri we kadalary esasynda alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Aral meselesine gönüden-göni dahylly meseleleriň toplumynyň umumysebit ekologik gün tertibiniň möhüm bölegi hökmünde çözülmeginiň halkara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny, oňyn başlangyçlaryň mundan beýläk-de ilerledilmegini, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýändigine ynam bildirildi.

Şunda bu gaznanyň halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärler bilen Aral deňziniň sebitinde häzirki emele gelen meseleleriň giň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyny has okgunly ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegimiz zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Aral meselesiniň, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýa babatda ileri tutýan ugurlarynyň halkara derejede degişli orun eýelemelidigini belledi.

Şunda biziň tagallalarymyz maksada okgunly hem-de millionlarça raýatlarymyzyň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine, geljekki onýyllyklarda öňde durýan ykdysady-durmuş wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilmelidigi aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitiň ekologik meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde ekologik gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça anyk we yzygiderli işleri geçirip bilerdi.

Mundan başga-da, biziň ýurtlarymyza Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalary işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesi möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurda bilelikdäki diplomatik tagallalary işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn uly üns berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar bilen, biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup bilerdi.

Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň esasy kadalaryny ekologik meseläniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris diýip, Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda şu günki duşuşygyň biziň umumy bähbitlerimiziň ilerledilmegine oňyn depgin berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň munuň üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.

Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýerine ýetirilen bilelikdäki işiň netijelerini jemlediler, bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň täze, anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Sammite gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşinde esasy orun eýeleýär, serhetüsti suw hyzmatdaşlygy bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we sebit strategiýalarynda suw meselelerine ileri tutulýan orun bermäge, bu wajyp ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga umumy taýýarlyk beýan edildi.

Şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny pugtalandyrmak, halkara abraýyny ýokarlandyrmak meselelerine üns berildi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň kabul eden Duşenbe Beýannamasynda Aral deňziniň meselelerini çözmek boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Täjigistan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklygynyň netijeleri hakynda Çözgüdine, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny gowulandyrmak boýunça işleri hakynda Çözgüdine, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň AHHG-nyň Prezidentiniň saýlanylmagy hakynda Çözgüdine gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi