09 oktýabr 2023
5103
Bangladeşiň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi M.Amanul Hakdan (oturýan ýeri Ankara şäheri) ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Başga habarlar
30
Okt
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Günorta Afrika Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşygy
30
Okt
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
29
Okt
Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy
29
Okt
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna gatnaşdy
29
Okt
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekiliýeti Pusan şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammitine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek